- kebelek
- Zoologiýa Mör-möjekler toparyna girýän goşa ganatly dürli reňkdäki kiçijik jandar.∙ Hoştap gyzgynly howanyň ýüzünde kebelekler, möjejikler güzzüldi turuzýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ot kebelegi.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem kebelek - kebelegi.◊ daşynda kebelek bolmak — Yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, daşynda pyrlanmak.∙ Iýjegini, geýjegini taýýar edip, enem ikimiz daşynda kebelek bolmaly hem bolsa boljak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.